Ynanmasaň
Sen özüňe ynanmasaň,
ynanmasaň öz gözüňe,
görüp ýüzläp ýazyjyny,
şahyrlary, žurnalisti,
ýaprak ýaly galgap duran,
şemal össe, hudaý uran,
ýüzi galyň, sözi ýalan,
gözi ýalan gülýän wagty,
syýasata satylanlar,
ok-ýaragsyz atylanlar,
mekdeplerde okadylsyn,
ýa diksinler heýkelini,
gowşurdyp golun, elini,
ömür gysga, ýollar uzak,
her ädimde iki duzak,
bilmeli hem başarmaly
daş durmagy boş oýundan,
boş kinony taşlamaly,
boş kitaby, bilýäň nirde,
näme üçin harçlamaly,
boş adamlar, hala şahyr,
hala bolsun uly başlyk,
adam döräp bardyr kaşlyk,
çekil wagtyň barka entek,
sylamak kyn, sylanmak kyn,
tentek bilen bolsaň tentek?
Sen özüňe ynanmasaň,
ynanmasaň öz sözüňe,
göreşiňe, başyň goýan,
püçegin çykaryp ýüzläp,
at-dereje alan bolup,
mertbeli bolan bolup,
ýalan ýaşan ýaşulynyň,
ýaşkiçiniň süri-süri,
nädip boljak öz ykbalyň,
öz ömüriň şiri, piri?