Öz gandalyň
I am the master of my fate: I am the captain of my soul. William Ernest Henley
Seni öz ykbalyň hojaýyny däl,
ýa-da kapitany öz gözel göwnüň,
etmez döwlet, gözi gyzyl, başarsa,
ozal seniň ata-babaň gul eden,
sesin çykarany susduran döwlet
görjek bolsaň, gözüň ýapan gazetli,
gulagyňa urup TW-si bilen,
ýa döwletden bärde bardyr ýüz kişi,
meger, sallançakdan tabyda çenli,
öz eline aljak, alyna saljak,
suwdan geçse, daş edinjek basmaga,
ýa ýüpüňi, sabyn çalyp özüňe,
getirmeli etjek dardan asmaga,
ýöne sen döwülseň döwlete ýetmän,
ýa döwletiň türmesinde, parahor
sud-kazydan, aklawçydan utulyp,
ýa otuz ýyl dymsaň zordan gutulyp,
näme parhyň bäbeklikde daňylan
ýüpi bilen aňyn duşaklan pilden,
ýigit çykdyň, adam bolduň, nalama,
gandalyňy üzüp bilmeseň ilden.