Ters nakyl
Baýramsoltan Hangeldi gyzyna
Bizi agyrtsalar, her gezek, janym,
uran ýaly daşlap, kesekläp daşdan,
ýa ýakyndan, göni, gyşyk söz bilen,
jogap bermän, belki, sypaýy bolup,
geçirimli bolup, deň bolman ýa-da,
alyp gaýtdyk agyryny, ýarany,
uly, kiçi diýmän, diýmän ýeterlik
ozalky görlenler, çekilen görgi,
ýürege ýa bagra, böwrege salyp,
ýa-ha sowgat, ýa-da bergi,
akyl etdik diýdik ajy ýylgyryp,
haýsy bir gyşyga gaýtargy berjek,
haýsy birin urjak öz daşy bilen,
aş bilen urmaga çalyşdyk pesi,
ata-baba nakylmyşyn, netije:
depä çykdy pisiň-pisi.