Göwündäki gara deşik
Eger seniň duz-çöregiň
haýyrdan däl, şerden gelse,
uruşlardan gelýän bolsa,
sögüşlerden gelýän bolsa,
gelýän bolsa ýigrenmekden adamy,
haýwanaty, dal-daragty, gülleri,
hoşwagt bolsaň guraýana süllerip,
boý alyp bilmeýän çagajyklara,
göýdük galyp, iýip-içmän, okaman,
hammal bolýan ýigitlere, gyzlara,
öz ilinde çörek tapman bir döwüm,
ýat ilde entese, kim-kime ýapja,
ulus iliň betbagtlygy, agysy
bolsa saňa pully gapjyk,
ýa-da işiň bolsa ýalan aglamak,
oýnan bolmak gyýlan bolup sadany,
ýetde-gütde ýaşan asyrlap, belki,
günüň geldi, işle hökümet üçin,
öz milletin ýere sokýan, galdyrman,
gora onuň baş başlygyn yhlasly,
ýa-da garşysynda söweşen bolup,
ýöne sen çöregiň iýseň haýyrdan,
ýa iýmäsiň gelse haram, gümürtik,
gözlärsiň, taparsyň etmeli işiň,
diňe garnyň doýurmarsyň her edip,
göwnüňde garaldyp ullakan deşik.