Düşnüksiz il
Başga milletlere düşünse bolýar,
barmasaň-da, görmeseň-de,
bilmeseň-de dilin, sözün,
hatda daşdan seredip,
kitapdan, kinodan saýgaryp ýüzün,
emma öz iliňe düşüp bolanok,
hiç bilip bolmaýar niýetin onuň,
ýaşajakmy, ýaşajak däl watandaş,
ýa-da ýaşamajak bolýar öz-özi,
aýagyndan çekip, döşünden itip,
bir-birine duzak gurup bolgusyz,
ýa-ha düşer, ýa-da düşmekden gorkup,
yza gaýdar ýoluň başyndan diýip,
başga milletlere düşünse bolýar,
emma öz iliňe düşünmek müşgül,
oýnan bolsa donun, telpegin geýip.