Surat

KGB bilen gaýybana söhbet

Gorkusyndan çykýar, oýanýar millet,
otuz ýyllap dört diwara gysylan;
ol öňki däl indi, besdir, ýeterlik,
synanyşman ölen, ýüpsüz asylan.

KGB, taýagy, aýagy işlän,
sabynyn ogurlan türmede bendiň,
belki-de sorag däl, jogap berersiň
ulus ili gaban ýeriňde indi?

Ulus ili zorlan ýeriňde indi,
dile, sorag etjek başgarak bolsun,
ejeňe, kakaňa ýetmesin hemem
aýak ýerne kellesini ulansyn!

Aýdylan bu: hökman geler iru-giç,
it alnyna gelen gurduň alnyna;
düşmejek ýok, şükür, gazan çukurna
ýa ýanmajak tutaşdyran ýalnyna.

Gorkusyndan çykýar, oýanýar millet,
KGB, günüň kyn, düşünseň, belki;
gidenler dolanar yzyna bir gün,
selki bolar ilin edenler selki...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2020