Bolan we boljak
Ýaşamak seýrek zat diýipdir biri,
iň seýrek zat, tapylmaýan, belki-de,
köpler ýaşamaýar, saklanýar diňe,
gara-köseň bolýar geçinmek üçin,
başga zat ýok, bolany şul,
bu söze bir pikir goşup bolardy,
ýaşaýanyň başga eli degmeýär,
sebäbi ol ýene ýaşajak gowy,
a kösenýän başgalardan nägile,
hiç kim oňa uzatmaýar goluny,
nägile däl özünden ol,
hemem käte gürläninden dymany,
garaşany gowy ýene birki ýyl,
başga zat ýok, boljagy şul.