Azat adam bolmak üçin
Azat adam bolmak üçin azajyk,
erkin adam bolmak üçin azda-kän,
erkinligiň agajyny ekmeli,
işigiňde, bagyňda däl, beýniňde,
ýüregiňde, ýer boşadyp azajyk,
nebisden, ýeneden, gul edýän diňe,
suwarmaly, seretmeli sen oňa,
gurap galmaz ýaly gyşda, tomusda,
guwanmaly boý alanna bek durup,
ýele-toza tabyn bolman, çaýkanyp,
saýasyna salar ýaly kelläňi,
soň egniňi, aýaklaryň, köwşüňi,
seret, öwren häkimýetden iň bolman,
tabynlyk daratgty niçik ekilýär,
hem nähili suwarylýar her günde,
radio, TW, gazetler, şahyr,
žurnalist, aýdymçy, sazanda, çopan,
gorkuzyp ýa satyn alyp arzanjak,
öldürip adamda dogan gününden,
tä ölýänçe her bir janly pikiri,
diktatura öz bagyny hemişe,
bar serişde bilen goraýar, söýýär,
azat adam bolmak üçin azajyk,
ýeterlik däl bolmak haýýar.