Hudaýyň namartlygy
Guşy ganatlary göterer, saklar,
eklär olar ony mydam,
aýaklarna garanda kän,
adamlary el-aýak däl ýeke-täk,
akyly hem işi saklar, galdyrar,
şonuň üçin ony ýykjak bolsalar,
diňe ellerine kakmazlar üýşüp,
diňe aýagyna depmezler onuň,
diline kakarlar ilki, öňürdip,
eden işin garalarlar ak bolsa,
uly bolsa, kiçelderler adyny,
gyrmak üçin ganatlaryn göterýän,
iliň aglak bolsa, doňuz depede,
hiç bir hudaý diňlemeýär dadyňy.