Surat

Žurnalistsiz ýurduň kyssasy

Janyl Jusujanyň feýsbuk sahypasyndan alnan suratyň aşagynda ýazylan ýazgy

Ozalam bir Saparmyrart, edenli,
žurnalisti gutarjakdy, gyrjakdy.
Şükür, käsi diri galdy, gutuldy,
dogry, käsi ýol başynda tutuldy,
käbirleri orta ýolda satyldy,
käbirleri öldi türmäň içinde,
käbirleri öldi daşyna çykyp,
käbirleri galdy ýat ilde içip,
käbirleri galamyny taşlady,
ilinden, dünýeden ýüregi geçip,
gowy habar: käbirleri işledi,
göreşini dowam etdi ýadaman;
erbet habar: käbirleri güldüler,
hemem yzda gidenlere garaşyp,
gol gowşuryp, diri bolup öldüler.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2020