Surat

Gowak sindromy

Öňki kärdeşe bagyşlanýar.

Adamyň atasy gowakda dogsa,
adamyň enesi gowakda dogsa,
kakasy, ejesi, soň ýene özi
gowakda dogulsa, gowakda össe,
goý, ol bolsun hatda altyn-kümüşden,
kapasasy ýaly saýrak bilbiliň,
baryp, daşarynyň gürrüňin berme,
depäňe bermesin diýseň daş bilen,
hatda gelse ýat illere, gowakdan
birazajyk çykan, gören güneşi,
arkasyna şemal çalyp azajyk,
synlasa otuz ýyl iliň durmuşyn,
gowakda ýetişen gowakda galar,
gowakdan çyk diýseň, häzir bol örän,
ýeňsäňden ýygşyran taýagyn salar,
malyna deg, mülküne deg adamyň,
bagyşlar ol, geçirer kän ýa çydar,
basgylanan başyn eger basana,
ýa-da ezen ölse, başgasyn tapar,
gowagyna degme, adamyň bilseň,
yzdan barsaň deper, öňünden – gapar!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024