Surat

Aksiýa we reaksiýa

Olara öň biri söz azatlygyn
ýa-da çala-çula internet bermän,
mugt gaz bilen, mugt tok bilen aldady,
arasynda arzan etdi tirýegi,
göwher ýüzüklerin güjeňläp, gülüp,
ahyr gutulýança özünden ölüp.

Soňra internete çykanlar uzak,
çarkandakly ýoly geçip pyýada,
ýolda ölen, galanlary ýatlaman,
ýa düşünjek bolman nämeler boldy,
dünýäniň iň uly senedin bu gün
ulanýarlar özlerini tanatman,
kimdir birlerine "...dir" diýmek üçin,
ýa gargamak üçin sözün aýdana,
ýetip ölen ata-baba, aslyna,
ýok, bu diňe ot örende bolmaýar,
bagly däl ol hiç bir ýylyň paslyna.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024