Surat

Bosgunlykdaky ildeşleriň gürrüňinden

"Nämejik işleýäň? - Soraýar ildeş.
"Tapan zadym okaýaryn, diňleýän."
"Okap, diňläp näme etjek,
hemme ertir öljek, ýitjek?"
"Belki, düşünjämi giňelder biraz,
ýazaryn bir zatlar, okar il-günüm."
"Iliň barmy seniň kitap okajak,
ýa okasa, okanyna düşünjek?"
"Edil beýle umytsyzlyk gowy däl,
niýetini gowa tutmaly adam..."
"Sen aýlap, öwürip maňa
diýjek bolma gömük, nadan,
ejeň nadan, kakaň nadan!"

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2020