Hakyky imansyz
"Allajana döneýin-eý!
Aýlanaýyn hudaýymdan!" -
Iki sözüniň biri,
şükür edýär bir diri,
ýöne güni gowy däl,
diktatura ýokarda,
san goýmady pakyrda,
emma adam allaly,
imanlymyş, gürleýär,
hemem tapsa hammallyk,
gije-gündiz derleýär,
alla näme, adam näme,
ömür näme, görmeýär,
hem işi ýok ölýän bilen,
ýakyn bolsun ýa-da ýady,
diýýär alla gereklese,
kimiň nirä ýeter dady?
Ah-ow, alla ömür berse,
kelle berse kelle ýerne,
el-aýagyň abat bolsa,
gözüň bolsa göz ýerinde,
gulaklaryň jam ýalaky,
emma biljek bolman haky,
kim-kimlere, özüňçe ýok,
başyň egip, ýalan gülüp,
bir ömürde müň gez ölüp,
haçana çen oýnajak sen,
eşitmedik bolýar diýseň,
eger-eger geplejek däl
allalygyn, hudaýlygyn,
ejesiniň göreni hiç,
kakasynyň göreni hiç,
uýasynyň, aýalynyň,
ýa-da ertir çagasynyň
kime elin sereni hiç...
"Allajana döneýin-eý!
Aýlanaýyn hudaýymdan!" -
Jogaby bu jogapsyzyň,
belki, ömri sogapsyzyň.