Surat

Adam adam bolsa gowy

Adam adam bolup ahyr,
iş edesi gelse gowy,
şärik bolsa haýyr işe,
gowy gelse göreşesi,
şere garşy durup mäkäm,
başaran işini edip,
şer içinde ýogalmanka, ýitmänkä,
ýöne iş edesi gelýänden bolup,
gowy däl ol oýun oýnasa ýeser,
haly dokan bolup elinde synny,
bolmasa bolmadyk halyny keser...

Adam adam bolsa, iş etse gowy,
uly, kiçi, gowy bolsa niýeti,
dogry işi etjek bolsa esasy,
ýa düşünse dogry edilen işe,
niýetini görjek bolsa adamyň,
aňyrsynda görmän pul bilen çüýşe,
ýa ýalňyşyp, boýun alyp ýalňyşyn,
gelmese soňundan düzüwe, dogra,
öňden elin berip kümsüge, ogra,
oýnun dowam etse, boýun almasa,
kimdigini, açyk bolsa-da ýüzi,
garyp-gatyp oýnap egrini, düzi.

Iň esasy öwünmese aljyran,
ýoluny ýitiren ýa-da tapmadyk,
garalansa, haku-nähak garalap,
başgalardan ak görünjek bolmasa,
soňuna çen şärik bolsa şer bilen,
soňuna çen adam bolman galmasa.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024