Watanyň utulýan ýeri
Eger saňa erbet adam diýseler,
ýa diýseler beýle gowy adam däl,
diýmeseler göni, ýöne elmydam
ýalňyşyňy ýa-da kemter ýerleriň,
kemçiligiň ýatlatsalar ulaldyp,
hemem ony ýatladýanlar senden has
pes niýetli adamjyklar topary,
özüni asmandan asýan gürletseň,
kümsükler topary bolsa durmuşda,
adam satýan, gybat edýän utanman,
üstesine hiç haramdan gaýtmaýan,
namaz okan bolup iliň gözüne,
sen ynansaň, ýa gowşatsaň badyňy,
dogrudanam erbet adam bolarsyň,
ýa bolaryň hassa, keselli, ejiz,
öz ýoluny dowam edip bilmeýän,
hezil eder kümsük, namazyn okap,
hudaýhon, imanly bolup öwüner,
a saňa barmagyn çommaldar, diýer:
imansyz ol, haýyn, watanyn satan,
ynansaň, ölersiň özüňi iýip,
utular il-günüň, utular watan!