Palestin şahyry Murid Bargutiden erkin terjime
Men özüme syn edýärin keseden:
Hemem diýýän meniň problemam ýok.
Daş görnüşim allanäme görmäge,
hatda käbir gyz-geliniň gözüne
çal saçlarym gowy, gelşikli görner;
gözäýnegim örän nepis ýasalan,
a gyzgynym ýokary däl, aşak däl,
bolmalysy - otuz ýedi ylaýyk,
eşiklerim ütüklengi birkemsiz,
aýakgabym aýaklarym gysanok.
Hawa, meniň problemam, derdim ýok.
Şükür, ellerime gandal urlan däl,
dilim entek susdurlanok, gürleýär,
hemem häzirlikçe jeza öýüne,
dar kapasa gabap, suwsuz, çöreksiz,
ýa umytsyz goýmaýarlar,
işimdenem kowulamok,
zyndandaky garyndaşlaň käbirin
görjek diýsem käte diýenoklar ýok,
ygtyýar berýärler başga ýurtlarda
barjak zyýarata iki, üç günlük,
görjek diýsem ýakynlarmyň mazaryn.
Hawa, meniň problemam, derdim ýok.
Dostumyň başyndan şah çyksa ýaryp,
aňkaryp agzymy açyp ýöremok.
Tersine, oň guýrugyny, görnetin,
eşik bilen bukuşyna guwanýan,
buýsanýaryn ýiti penjelerine.
Emma onuň birden meni penjeläp,
boýnumdan bogmagy bolup biljek zat,
öldürmegi ahmal dostumyň meni,
emma gepsiz bagyşlaryn men ony
sebäbi ol dostum meniň jana-jan,
islese, agyrdyp biler her haçan.
Hawa, meniň problemam, derdim ýok.
TW diktorynyň ýalan ýylgyrşy
edil öňki ýaly hassa edenok,
öwrenişdim harby eşik geýenleň
gije-gündiz kesmegine öňüni
maňa meňzeşleriň çem gelen ýerde,
şu sebäpden dokumentim ýanymda,
goýmam bolmaz öýde, işde hiç haçan,
suwa düşýän wagtym howuzda hatda,
ýa-da dynç alaýyn salkyn kenarda.
Hawa, meniň problemam, derdim ýok.
Emma düýn azajyk galdyrdym howrum,
hyýallarym münüp gijeki otla,
terk edende tapman hoşlaşmaň ugrun.
Soň ol otlyň agdarlanyn eşitdim,
ot bitmeýän, takyr atly derede
(diňe sürüjisi galypdyr gurgun).
Alkyş aýtdym ýaradana tükenmez,
hemem şükür etdim, sebäbi, walla,
garabasmam beýle uly däl, kiçi,
ýöne umyt edýän bir gün ýa agşam
olar arzuw bolar ullakan, süýji.
Hawa, meniň problemam, derdim ýok.
Men özüme bakýan çiňerlip, dikan,
doglanymdan şu güne çen ýadaman.
Emma göwnüm çökse ýatlaýan hökman
ölümden soň ömür, dynç alyş barmyş,
ýaşaýyş barmyşyn arkaýyn, süýji,
diýmek, arzuwlaryň başa barmasa,
soňa goýup bolýar baryn ýa ýaryn;
hawa, meniň problemam, derdim ýok.
Emma men soraýan, Taňrym, bagyşla,
bakyýete gitmezden öň azajyk,
ölümden öň ömür baryn?