Satylanyň oýlanmasy
Adam oglan bolýar, 35 ýaşap,
milletine kömek etjek, goldajak,
sebäbi milleti garypmyş, hormuş,
ezilýärmiş özüçe ýok elinde,
bilýär, ýekelikde gala alan ýok,
daýanjak ol pikirdeşe, kärdeşe,
emma türme, KGB-niň zyndany,
Garajaýew sorag berer nirede,
haçan kimler bilen näme gürleşdiň,
soň aýdar sözme-söz aýdan sözüňi,
biri dost, pikirdeş, işdeş ýoldaşyň,
beýleki sylanýan ýazyjy, pylan,
bilýäň aýdan sözleriňi ikiçäk,
kim bilen nirede, niýetiň näme,
arkaňda awusy urlan pyçagyň,
ýapyşan dek birden iki, üç gämä,
gark bolarsyň, çagalaryň agladyp,
ne dostuň, ne dogan, ne-de kärdeş bar,
ne millet bar, baş goýulan bagtyna,
adam oglan oglan bolýar 55 ýaşap,
gadyr goýman öz ömrüne, wagtyna...