Şeriň ýüzi
Kyrk ýyl işle, sowet, kommunist, pagta
zorlugynda köýen ýyllaryň üçin,
gije-gündiz kitap okap, öwrenip,
adam boljak bolup, düşünjek bolup,
iller nirden barýar, nirä ýetiprdir,
ýa-da iliň ýol-ýodasy ýa özi
nirede üzülip, nirde ýitipdir;
medde okap, alla, ene dilinde,
ölüm sözün dogry ýazyp bilmeýän,
iň emelsiz ogry çykar, gygyrar,
bäşbarmak garany ýüzüňe çekip,
kyrk ýyllyk işiňi çyrşar diwara,
bir sözüňe düşünmeýän,
söz diýseň, deň boljak, isleýän zady,
diýmeseň, oran ol dilinde ekip,
taňrym, ýokdugyňa düşündim indi,
şeriň zory has zor seniň zoruňdan,
sebäbi oň ýüzi galyň göründi!