Iň pes ogry
Beýik diýdiresi gelse adamyň,
ölmezinden kän öň, ozal,
gygyrdasy gelse sagdan we soldan,
arkasyndan, öňünden kän,
ýesir alnan adamlary,
ýa özüni türmä salan meýletin,
alkyş sözün, öwgi sözün islese,
owadan geýinen, emma
gullaryndan zamananyň,
hem her hapa taýyn bolsa girmäge
beýik diýilmegi üçin,
diýilmegi üçin dana,
ýa halasgär ile gelen,
iň bolmanda dil ujundan,
goý, diýsinler gorkup, ýalan,
bilip durka özi ilki,
soň bilýärkä ulus iller,
aýdyp, diýip, durmasa-da,
türmede ýaşansoň, dogry,
beýik bolmaz iň pes ogry.