Giç tanalan atlylar

Goja goňşym gürrüň bererdi gülüp,
bir betnyşan, görse jyny gorkuzjak,
owadan ak aty münüp gelýärmiş,
köçä sygman, gamçysyny galgadyp,
"Bu eşegi nirden tapdyň, janawar?" -
gygyrypdyr biri saklanyp bilmän,
atly adam sakga jylawyn çekip,
azgyrlypdyr: "Giňiräk aç gözüňi,
bu eşek däl, seniň özüň janawar,
diýmezden öň seljer aýtjak sözüňi!"

Pyýada diýipdir: "Atdan soradym,
seniň bilen eger-eger işim ýok!"
Men ozal bu ýöne gepdir öýderdim,
arman indi agzymda bir dişim ýok.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2020