Sözüň gutarýan ýeri
Söz gutaran ýerde sögünç başlanar,
ýa-da delil gutaranda,
ýöne akmak delilini ulanmaz,
ýa ulanyp bilmez ýerinde ony,
bar bolsa-da ýeterlik, kän
agyr degjek hapa sözden bir tonna,
oňa derek sögüner ol, sebäbi
göreni-bileni sögünmek diňe,
ýa-da lezzet alar şerden,
pikir eder agyr sözden bihaýa
utanarlar, çekinerler has gaty,
akly ýeten aýyp sözden saklanar,
nadaraň aýbyny açar haýbaty.