Surat

Esasy mesele

Esasy mesele "men beýik" mydam,
ýa-da "biz arassa, mamla we adyl,
a beýleki tarap karam hem hapa",
mesele däl ýa hiç haçan bolmady,
sözüň degsin ýa-da degmesin ýapa...

Eneň garga, ataň garga, gaharly,
diýipdirler sen nireden ak dogduň?
Her näme et, bagyr ýa-da gygyr kän,
ganyn ýa hapasyn ýuwmarsyň sowduň?

Göz aýlasaň yza, geçen ýodaňa,
ýa-da ata-babaň geçen ýoluna,
taryhyňa, uruşlara sowulmaz,
haýsy tarap, haýsy millet, parhy ýok,
ählisiniň ýoly adalatlydyr,
hemmesi mamladyr, özüni gorap,
ýurdunda söweşsin gelen duşmana,
ýa içden döräne döş gerip, durup,
ýa-da gitsin menzil aşyp, ýurt aşyp,
oturan üstüne turan gelmesin,
emma diýer ýurduň, milletiň üçin,
gelejegiň üçin bermeli gurban,
hem döşüne jäjek dakan begener,
ýolda ölen, galan düşmez ýadyna,
ýa aldyran el-aýagy, bir gözi,
bir gulagy ýa-da başga bir ýeri,
nämemiş, ýeňenmiş mukaddes urşa,
gyrgyna gatnaşyp, ganym duşmany,
dişine çen ýaraglanan, ýüreksiz,
hem adamyň bolmaz aňsat puşmany.

Esasy mesele "men beýik" mydam,
men bilýärin adalaty, düzgüni,
men görkezjek ýol-ýodany, sen diňle
hemem meniň aýdanymdan çykma hiç,
aýdaly, Leniniň ýodasy ýaly,
emma jogap berjek bolmaz bolsa giç,
adamy gark etse päli, hyýaly,
papagyny gysyp gysyma mäkäm,
gygyrýanlar gelmez gyssagarada,
ýöne adam basgylajak tapylar,
tapylar talajak öýi, işigi,
meger, şondan gaýyk barha agralýar,
dykan bolman düýbündäki deşigi.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024