Geçmiş we sen
“The past is never dead. It's not even past.” William Faulkner
Geçeni geçdi bil diýerler, emma
geçen geçmez, seni geçirer, belki.
Ýa-da geçen bolup, aldarsyň özüň,
a soň yza bakyp, görersiň günde,
seni ýykan daşlar ýatyr ýerinde,
ýa çukurlar çuňaldylýar gömülmän,
saňa gurlan duzak işleýär şindem,
sebäbi ol diňe saňa gurlan däl,
görşi ýaly köpçüligiň, ulusyň,
şondan saňa küşgürilen, topulan
itler şindem zynjyryny üzerli,
boşatsaň bir-birin dalajak, iýjek;
geçeni geçdi bil diýerler, emma,
geçen geçmez iliň başynda dursa,
a sen onuň, ilim diýseň ýürekden,
birki ýyl däl, hemişelik gulusyň.