Häkim we il

Häkimi nireden gelýär millete,
inýärmi ol asmandan ýa,
alla, hudaý tarapyndan;
ýa-da diken dikmesimi başganyň,
ýa içinde ösen, ýöne satylan,
häkimi nireden gelýär millete,
ýa töhmetmi häki boýna atylan?

Ol esasan il içinden döreýär,
adam adam sylamasa milletde,
dogan bolsun ýa keseki,
gül berseň, pul berseň, ýa-da bermeseň,
tapawudy bolmasa hiç,
kimiň kimdigini bilmese millet,
ýa biljek bolmasa bilip dursa-da,
ýa-da bilen bolsa elmydama giç,
aglan bolsa gidenleriň yzyndan,
adam zähmetine sylag bolmasa,
çäç bilen harpygy garsalar mydam,
üstesine gülüp çynyn aýdana,
dymmasa, ýüregin ýarsalar mydam,
küşgürip, daladyp aç güjük bolsa,
nähili bolmaly häkimi iliň,
nämüçin geň galjak halkyň ýogalsa?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2020