Heder
Milletine ynanmaýan,
ynanmaýan il-gününe, ýurduna,
aç it ýaly, ynanmaýan adama,
ertirine ynanmaýan halkynyň,
emel ýeten güni ogurlyk eder,
hem buýsanar ogurlyga, talaňa,
görkezer ol, ogurlygyn güjeňlär,
işi oňsa, ula gider,
ýalan sözlär, töhmet atar aýdana,
diýene sözüni açyk ýa gizlin,
başaranyn basar, çukura iter,
garyp düşen ile bakmaz hiç haçan,
entäni ýerinden galdyrjak bolmaz,
günäkär bor aç-hor, baş alyp gaçan,
milletine ynanmaýan,
ynanmaýan adamlara her ýerde,
emel ýetse, hökman ogurlyk eder,
milletine ynanmaýan adamdan,
öz-özüne ynanmaýan has beti,
etmeli heder!