Günäkär adamlar
Gadyr gijesine garaşýar millet,
günäkär hakyny bilmän, goraman,
günäli ýa günäsi ýok o diýen,
ýa parasy, puly bolman basylan,
pullularyň deregine kämahal,
ogullary çykar diýip, gultunyp,
aç çaga ýa ýetim ýaly ýurdunda,
enesi, atasy ölen ýaş wagty,
gözlerinde hasrat, umman mysaly,
siňe baksaň, çylgym-çylgym gan içi,
awlanan dek läheňleri gämili,
ýa bulanyk ýangyç çekýän gämiden
nebit syzan ýaly ýed ýyl dynman,
sebäbi bilýärler günä geçýänçi
ýesir ili bergi-borja batyran,
belki-de iň uly günäkär, asy,
Gadyr gijesine garaşýar millet,
ýürekde däl, dil ujunda tobasy.