Unudylan gullar

Özüni 0-a çen peselden bende,
uly boljak bolup, ulalyp bilmän,
özünden daş düşüp, özüne gelmän,
namaz okan bolup, aldap özüni,
ýok edip, öldürip ýürek sözüni,
ýalany däl, çyny edinip heder,
özi ýaly 0-a düşen kärdeşin,
meslekdeşin ýatlap, gürrüňin eder,
'hä' bermeseň, sen biedep, bigadyr,
'hä' berseň, pikiriň 0-lara gider,
uly boljak bolup, köp bilip, belki,
gullar obasynda eglenen, galan,
daşyndan görmäge akylly, dana,
elleri galamly, başy pikirli,
kelläňi agyrdar birsellem gitman,
unudylan gullar, pikiri kirli.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024