Hudaýyň plany

Özüne ynamy bolmasa merdiň,
peýdasy ýok ady Arslan, Şir, Berdi,
edip bilmez öz işini, pişesin,
elden gelýän, ile-güne peýdaly,
tersine gygyrar görünjek bolup,
ýa gygyrdar hantamany bir topar,
adam döräp, boluň-boly,
gepi, gykylygy gapar gulagyň,
nadaralyk eder döküp bol puly,
hem aşakdan, saman astyndan suwy
çem gelen tarapa goýberer günde,
belki, hudaý ýaradypdyr bilgeşlin,
açman gitmez ýaly özün her bende.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024