Dymyşlygyň sebäbi

Ozalky rus sülçüsi Andreý Zykowa

Jenaýaty çynyň bilen derňeseň,
açjak bolsaň ogurlygyň üstüni,
ownuk-uşak däl-de, uly,
pikir etme ownuk-uşak oglanlar
ýa-da gyzlar çykar öňümden diýip,
ýüňi ýeten ärler çykar ýokarda,
ýüz müňi, milýony edinip guly,
hökümetde höküm edýän,
hem özüňi aç-hor, ejiz ederler,
başarsalar taşlap türmä, zyndana,
adamlary gul etmeýär akmaklyk,
ýesir edýär içindäki hederler.

Millet bilýär jenaýaty kim edýär,
ownuk-uşak däl-de, uly,
has uly wezipä çykyp, ornaşyp,
aşak düşmez ýaly-bärlerde,
gözi gorkan adam akylly dymýar,
çaý-çörege ýetse, ýetmese puly.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024