Telek işler
Iň ýokarda bolsaň, gazyň söwdasy,
nebitiň söwdasy, söwdasy pagtaň,
ýene näme bolsa geçýän,
gurluşyklar, uly-uly, elbetde,
biznesiň bolmaly seniň,
başgalaryň bolmaz hetdi.
Gümrikçiň biznesi gelýän hem gidýän,
ony-muny getirýän ýa äkidýän,
ýa o taýda, ýa bu taýda satmaga,
kanun, hukuk goraýjylar kagyzda,
ýa lukmanlar ak halatly, endik bolan ütmäge,
çagalar bagynyň müdiri ýa-da
mekdep direktory bolsaň biznesiň
çagalary, ene-ata talamak,
bilim, sowat on bäşinji orunda,
sowgat meselesi birinji bolar,
beren, alan köp beladan sowular.
Içeri, daşary ministrleri,
häkimler, salgytçy, algytçy sansyz,
suda baryp bolmaz şikaýat edip,
aklawçysy, garalawçy, bary aç,
ala taýak polisiýa köçede,
biznesini eder günortan pallap,
gözüniň öňünde ynsanyň, allaň,
hiç kim diýip bilmez nämüçin alýaň,
oňa derek alaý diýip ýalbarar,
talaý diýip ýalbarar,
sebäbi almaly emel ýetenler,
uly, kiçi biznesini etmeli,
güýç-güýç ýeten we öňýeten
ejiz tapsa – ütmeli,
wagty gelse, hyk-çok etmän,
paýlaşmaly ogurlanyň, alanyň,
ýa ýerdäki jähenneme gitmeli,
ýa smaly öňzüň sabynsyz ýüpde,
millet bilýär, özleşdirdi saparyn,
öý işini etdi kemsiz hem ökde...
Açyk bazar, açyk gapy, derweze
syýasaty, walla, gowy işleýär,
eger-de žurnalist, ýazyjy bolsaň,
şahyr bolsaň has beteri,
tapmaly owadan sözleri soňsuz,
näçe ýalan bolsa, şonça-da gowy,
ýazmaly hem beýan etmeli durman
üstünligin telekeçiň iň uly,
teleke işlerin deňsiz we taýsyz,
bolup bilseň gapy guly.