Terjimehal ýerine

Ölenine parhsyz, galan parhsyz,
gidene diýen bor: Gowy adamdy,
gowusy gerek-dä alla-da, walla!
Öz-özüni köşeşdirer ýa aldar,
sebäbine ýetjek bolmaz ölümiň,
ýazylandyr maňlaýyna kysmaty,
gaçyp gutulan ýok ykbaldan entek,
diýer öz biler hakyň getirjek
ýa yzyna alyp gitjek wagtyny,
okana, dokana seretmez asla,
güler ha-ha-haýlap düşünjek bolsaň,
hudaýydyr emel ýeten, mal ýeten,
sypaýy aýdaňda – tentek!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2020