Hakykatyň ykbaly


Hakykaty ýitirdiler adamlar,
ogurlady ony, meger, birisi,
ol ozallar bar ýalydy ortada,
ýokarda ýa aşaklarda, gapdalda,
bilinýän ýalydy, hakykat näme,
ýa nirede diýip, soraýan ýokdy,
belki, käte zeruram däl ýalakdy,
indi ony uzak wagt gören ýok,
hemmeler nägile,
hemme gaharly,
ýüregin ýag alan beglerden başga,
ýa-da ýaşaýandan özünden daşda.

Hakykaty gözleýän bar sedasyz,
gygyrýan bar gahar edip ýeterlik,
birisi begleri günäkärleýär,
biri pakyrlary, hakyn iýdirýär,
goramaýar özün diýip,
beýlekisi hökümeti, döwleti,
polisiýa zorlugyny, terroryn,
sudlary ýazgarýar, şarpygyn iýip.

Hakykaty ýitirdiler adamlar,
bilmeýärler nirede ol,
baýlardamy, garyplarda,
ýa ortada bir ýerlerde,
ýok etdimi ony jenaýatkärler,
ýa-da özi gaçyp gitdi,
göreşmekden ýadap, irip,
öýkeledi biparh, bitaraplardan,
ýa pula satyldy adamlar ýaly,
özi özün oklap çuňňulja jübä,
ýa-da özün heläkledi,
özi öz-özüniň içine girip,
hakykaty ýitirdiler adamlar,
ýöne her gün inçe umyt edýärler,
diýip hökman tapyp, getirer biri.

Şu arada hakyakat däl, näme kän,
öňsüz, soňsuz gep-gürrüňler tapyldy,
hakykaty görenmişler gandally,
çygly ýerzeminde, çäresiz, ejiz,
ýylan-içýan arasynda, aç-suwsyz,
gözi gan ýaş, aglap ýatyrmyş sessiz,
hemem ýalbarýarmyş: aýtmaň bu halym,
beýle bolar öýtmändim hiç ykbalym?!.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024