Bolan zat

Bize näme boldy, haýsy döw çaldy?
Içki pikir daşa çykýar kämahal,
adam ýeke özi ýöräp barýarka,
yzyndan gelýäni görmän, eşitmän
aýak sesin, saz diňlänsoň üznüksiz,
gulaklaryn zorlap ýolda hem yzda,
belki-de hiç pikir etmezlik üçin,
gözleri eglenmän gelinde, gyzda,
hatda iň ýukasyn geýinip çykan,
adam özi bilmän soraýar birden,
bize näme boldy, haýsy döw çaldy,
ýa kim bizi beýle galmaz dek ýykan?

Soň ýadyna düşýär gatyk nobaty,
boşap galan dükanlaryň agzynda,
bagtly bolan güni kefir ýetende,
ýa tanyş dükançy aşakdan, gizläp,
başgalar görmänkä eçilse birin,
bize näme boldy, soraýar adam,
ýeňi bilen sylyp maňlaýnyň derin.

Ýeri, näme bolsun, gatyk nobaty,
tanyş-biliş bilen almaly kefir,
ýa-da soňy gelmez ýetde-gütdelik,
emel ýeten güni ýüzüni açýan
ejiz diýen millet üstüňe münse,
açgöz diýen millet üstüňe münse,
a sen kanagatly, sabyrly bolsaň,
içden tama edip gitmegin taşlap,
daşyňdan iň ýek görýäniň alkyşlap?..

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024