Ýazsaň...

Bäşýyllyk yzyndan geçip bäşýyllyk,/ Zähmet çekdik, bagtlylara goşuldyk. K.Gurbannepesow

Ýeňil-ýelpaý goşgy ýazsaň,
hökümete bolýan ilki,
hökümet sebäpli ýykylan ýurtda,
deputat şahyrlar ýaly,
kyssa ýazsaň ýelek ýaly agramy,
okyjy kän, belki, alar, okarlar,
ýöne umyt etme uly,
ýarym gedaý ömrüň boýy,
hem pyýada kowalarsyň,
ahal-teke atly puly.

Iň aňsady, aglak ilde,
ýeňil-ýelpaý ýa-da kelpeň,
iň guşkelle aýdymçy bol,
sazanda bol ogurlaýan
çem gelenden ýaran heňi,
üstesine iň suwumsyz,
söze, saza düşünmeýän
alyjyly boljak bolsaň,
il arzyly galjak bolsaň,
çagyrylýan toýa-tomga,
goşulma hiç gepe, gowga,
hemem, walla, eger-eger,
göwnüçökgün goşgy ýazma,
kyssa ýazma gussaly ýa,
gaýgy-gama saljak çala,
many-mazmun gözleme hiç,
besdir, ýeter wala-wala.

Ýöne ýazsaň özüň üçin,
iň esasy - satlyga däl,
ýaz adamy güldürjek däl, aglatjak,
tisgindirjek, gorka saljak eseri,
mejbur etjek kellesini tutmaga,
ýa-da ýuman gözlerini açmaga,
ulanmaga beýnisiniň gözüni,
görer ýaly öňündäki girdaby,
hökümet sebäpli ulalýan günde,
ýuwdup barýan şu gününi, ertesin,
ýazjakmy, ýaz däliretjek eseri,
pul üçin git, sat aýalyň kürtesin.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024