Bilmegiň zyýany
Biz bu ýere nädip geldik,
nädip millet ogurlatdy özüni,
ýurdy bilen bilelikde, bitewi,
ýa özüni ogurlady bukulyp,
görünmedik bolup ýumup gözüni;
nädip taýyn boldy goranyşa däl,
ýesirlige sessiz ýa-da el çarpyp,
sakgally, sakgalsyz, uludan-kiçä,
janly diwar, baýdak tutar bolmaga,
ertirden agşama düzülip köçä?
Biz bu ýere nädip geldik, ýykyldyk
atymyzdan bütin dünýäň öňünde,
taýyn bolman ne öňünden, ne soňdan,
biz neneňsi kaýyl bolduk galmaga,
näme düzüw, näme egri, soraman,
aýdyp bilmän öz sözümiz ne öýde,
ne daşarda, açyk, göz-göze garap,
hem içimiz, hemem daşymyz harap?
Belki-de biz ýaşaýarys bir däl-de,
iki ýa-da üç durmuşda birbada,
ýürekdäki başga, dildäki başga,
hemem käte bir-birinden bimany,
ýöne iň esasy günämiz, meger,
adamda adamda öldürmek başda,
onuň çäksiz arzuwlaryn guş ýaly,
uçurmazdan atyp, ýere düşürip,
etjek işlerini etdirmän ýa-da
ýetjek ýerlerine ýetirmän, saklap;
biz bu ýere nädip geldik, bilýän ýok,
ýa bilmegiň derkary ýok hiç kime,
sebäp bilseň bolmaz özüňi aklap.