Surat

Milli mesele

Adam ornuna mal gezer. Kemine

Dogry eneň, dogry ataň bolmagy,
dogulmagyň dogry öýde,
dogry maşgalada ulalmagyň soň,
kiçi-girim zat däl, elbetde, möhüm,
sebäp adam çagalykda ýugrulýar,
durmuş tamdyryna girmezden ozal,
mekdep gapysyndan barmazdan ozal,
dogry mekdep gerek adama, diýmek,
a soňundan dogry ÝOJ-lar,
dogry professor, dogry alymlar,
ýa şahyrlar gerek arslan ýürekli,
döwlet diýen äre däl-de ikiýüz,
senedine berlen, sözüne berlen,
ýöne döwlet dogry bolmasa, walla,
dogry mekdep bolmagy kyn,
ýa-da dogry iş ýerleri,
işiňi etmeli dogry,
bu çigşigi çözmez alla,
adamlaryň işi bu,
muny aňlamadyk, görmedik bolmak,
bir asyr däl, kän döwdürer dişini.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2020