Surat

Sen türkmeni okatjakdyň

Baýramgüle

Sen türkmeniň çagasyny
okatjakdyň, bilmeýärdiň bu galat,
ýa gerek däl hökümete, döwlete,
bolşewik-kommunist ýolundan barýan,
ozaly okany, bileni urýan,
hem öldürýän hak sözüni aýdany,
azanlaryň niýetini, pälini,
üstesine 'halky satan',
'ýurdy satan' ýazjynyň,
tejen-tekäň aýaly,
indi Pragada gyşda hem ýazda,
aç ýa gurýan höwürtgesin täzeden
guşlar üçin açyp restorany,
ýa-da gyşda uklamadyk kirpini
aç goýmajak bolup, alada galyp,
goňşy, myhman pişikleri naharlap,
sen özüňe berjek bolýaň teselli,
sen türkmeni okatjakdyň, jigerim,
meger, indi onuň etjegi belli...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024