Puluň guly, guluň guly
Gullaryň aýdymy bolmaz özüniň,
öz sazlary, jany-teni,
ogurlarlar olar özgäň sözüni,
özgeleriň ykbalyny bukulman,
mejbury däl, meýletin,
başga gürrüň epiktetler,
gul-gyrnak edilip satylan gyzlar,
orta asyrlarda, pylan,
gullar häzir bagşy kileň,
aýdymçy hem sazanda,
puluň guly, guluň guly,
olar ogurlaýar azajyk Seýdi,
azajyk Kemine, azajyk Nepes,
Pyragydan, Zeliliden alýarlar,
hem barybir gulçulykda galýarlar.
Gullaryň aýdymy bolmaz özüniň,
öz sözleri, jany-teni,
olar ykbalyny ogurlar iliň,
geçmişini ogurlarlar,
şu gününi ogurlarlar,
ogurlarlar geljegini,
aýdym aýdyp, saz çalyp,
aýdan bolup, dogrusy,
sandan çykarýarlar milleti olar,
özi sandan çyksa oba ogrusy...