Guluň derdi

Ol kelleli, bir kelleli,
milýonlaryň içinde,
walla, başga kelleli ýok,
şonuň üçin gürleýär ol,
arlaýar ol arslan bolup,
düşündirýär näme gara, näme ak.

Mysal üçin, diýýär Sowet Soýuzy
ýykylanda gynanmadyk ýüreksiz,
ýa kellesiz ony öňki durkunda
dikeldip ýa gurup bolar diýýänler,
düşüniň-ow agzyndan
çörek ýa nan iýýänler!

Hakyky kelleli ýa-da kellesin
ulanmakdan çekinýänler,
çekilýänler yza günde,
ýuwaş gürlär gürleseler,
ýa köpüsi asla ýerinden galmaz,
bilip bilmän sözi ýer alar, almaz,
a kelleli, Musa bolup oýnaýan,
Isa bolup oýnaýan,
ýa ýene bir ertekiniň sütüni,
elmydama bilýän, edenli adam,
Lenin bolar ýumruk düwüp,
garalar garşydan çykany mydam,
ýa agzyna gelen sözleri diýer,
kellesiz diýlenler kellesiz bolsa,
gutulgysyz bu hemişe,
çörek ýerne kötek iýer.

Emelsize emel ýetse dünýede,
nämeler bolmady, nämeler bolmaz,
bilmese-de özi näme ýa-da kim,
emel ýetmedige çykaryp höküm,
gygyrar ol sen kellesiz, biheppe,
diýdigi bu men kelleli bolmaly,
a sen altyn, kümüş döküp,
kellesizden kelläň satyn almaly!

Kellesiz kelleliň ornuna geçip,
näme diýse, näme etse, mamla bor,
tarhan bolar kellesizler içinden
özi üçin saýlap-seçen gullary,
a galanlar, ýagny köplük,
onuň kararlaryn kabul etmeli,
ýa jähennem kurortyna gitmeli,
näme bolýar diýmän bize,
bu Leninden, Stalinden gelýärmi,
ýa aňyrdan, adam döräp,
bölünýärmi ynsan ogly
kelleli hem kellesize?

Kellesiz kelleliň baş bolmak derdi,
diňe emel ýeteniňki däl, meger,
bu kesel öňýeten tentege deger,
ol kelleli, bir kelleli bolar soň,
öz-özünden çişip, kellesi göçüp,
ýok edilen ilde merdi,
'uly dogan' çukurynda,
hem gygyrar: "Uly dogansyz bolmaz,
bolar diýen kellesizdir,
çykjak bolup urunmaň!"

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024