Akylly sözler

Akylly aýdylan sözler bar, şükür,
hemem gysga, ýeke setir,
pul ýa akyl talap etmez aljakdan,
berk ýadynda saklajakdan, biljekden:
teşne bolup, awy içmersiň ahyr,
ýa-da ýeke galyp, ýüregiň gysyp,
ozal agzyň bişen 'dostlaryň' bilen,
çakýan bilen bilip-bilmän,
kesbi-käri bolup, belki,
zäherleýän bilen günde-günaşa,
görüşmersiň ahyr gaýtadan baryp,
gözel ömrüň, gül wagtyňy ýitirip,
doganyňam bolsa çekil kümsükden,
ikiýüzli, bahyl ýa içigara,
suw goýberen bolýan saman astyndan,
aýalyň ýa äriň bolsa gaç durman,
aç araňy arly, zäherli ärden,
galjak bolsaň biraz artyk agyrman.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024