Düşünmezlik
Bahasy bar iligiň-de, iňňäň-de,
bahasy bar goýun-geçiň, atlaryň,
dünýä gelip, çapyp gidip bolanok,
eýerlengi, bedew ata atlanyp,
millioner ataň, eneň bolmasa,
ýyrşarjak kän ýykylsaň hem galmasaň,
a dikelseň, aýak üstünde dursaň,
bir şarpyk urana ikini ursaň,
itden beter ýigrenjek kän, sebäbi
edip bilmedigin edensiň iliň,
dilinde aş gatyklaýan,
üstesine bahyl, bagty ýatanlar,
gara köseň bolup şyltak atarlar,
a soňundan garaşarlar netijä,
düýe aljak bolup nyrhyndan jüýjäň...