Nadanyň oky
Eger ýakaňyzdan buzly suw guýsa,
ýa-da közli külün gyzan maňňalyň
depäňizden eňterse,
öňüňizde çişlik goýmakçy bolup,
haýyş edýän, yňdarmadan geň görmäň,
öz-özüniň pesliginde ýer sermän.
Gaty görmäň, her beýnisiz gahryman,
watansöýer bolup oýnan, göreşen,
özün aldan ile derek öňürti,
gurjak diýsem, gör, kimleriň oýnunda,
bolan bolup iliň merdi.
Aşgabatda adam satan feodal,
donos ýazyp 'aryn alan' ýurdunda,
Ýewropada ýol urýarka aç-açan,
mal urýarka aç-açan,
bilinýänin, gülünýänin aňlaman,
ýa-da diýmän nirde ýaşaýan haçan?..
Ogurlyk edenler utanmaz, alla,
utanar üstünden gelenler, walla,
otdan, suwdan geçen bendäniň ýanyp,
köýüp ýazan sözlerini ogurlap,
at aljak bolýana diýersiň näme,
zat aljak bolýana diýersiň näme,
sözüň azatlygy başga mesele,
ogurlyk hem talaň has başga, meger,
parhy näme ogryň geýen donunyň,
ýa oturan ýerniň, köşkde, sürgünde,
nadanyň her oky özüne deger.