Heňe gelmeýän adamlar
Şahyr A.Bugaýewiň ruhuna bagyşlanýar
Biz öňe ylgadyk, ýaşdyk,
ynanýardyk millet bolsa,
öňe çykýany bolmaly,
ylgaýan bolmaly hökman,
durýanlaryň deregine,
diňe şöhrat, at üçin däl,
mal üçin däl, elbetde,
egne almak üçin ýüki,
milletiň egnine düşmän,
gerdeninden basýan merdiň,
emma ýüki egne alan günümiz
gördük öňde menzil uzak,
a arkada adam ýok,
kimi içjek, kimi çekjek,
kimi guçjak meýhanada
bokal ýuwýan perileri
hem öwünjek üstesine,
galanlary akylly has
goşulardan dawa, jeňe.
Biz öňe ylgadyk, ýaşdyk,
hem gelmeýän bolduk heňe.