Surat

Asy bolmazlyk üçin

Sen öz söweşiňi saýla,
darkaşyňy saýla ozal,
dogry bolsun tutluşjagyň,
bolmasyn özüňden egsik,
başyňy galdyrma başga,
ownuk-uşak duşmana,
puşmana özünden uly,
ýa hudaýy çagyrýana
azalyp başlanda puly,
sen öz söweşiňi saýla ýalňyşman,
duşmanyňy saýla daşdan,
dil ýarmanka, geplemänkä,
sebäbi gep başga, başgadyr niýet,
adam heläk boldy hem heläk bolar
dilde bir zat bolsa, ýürekde başga,
daşyndan her näçe bolubersin bet,
dogumlyja, edenlije,
tapar ol öz hudaýyndan,
bolsa ýa-da bolmasa,
sen öz söweşiňi saýla,
darkaşyňy saýla dogry,
bolup galmaz ýaly asy!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024