Adam özünden çykmaly
Adam özünden çykmaly,
öýünden çykmanka ilki,
ejesiniň saçagynyň başyndan,
kakasynyň saýasyndan örmänkä,
ýa çykmanka obasyndan,
özünden çykmaly adam,
darlygyndan pikiriniň,
alyp gelmän özi bilen
päl-niýetin ownuk-uşak,
müňkürligin, gümanyny gutarmaz
goýup gelmeli öýünde,
gat-gat, belki, ýüreginde,
gorkaklykdan çykmaly ol,
ürkeklikden çykmaly ol,
giňejek bolmaly biraz,
görmeli ol ýöräp baryp,
ýa-da barman öňürti,
nämeler bar depeden,
ýa köçeden aňyrda,
adam özünden çykmaly,
geçmez ýaly hüňürdäp.
Adam özünden çykmaly,
bilmeli öz kemis ýerin,
gowşaklygyn ilden ozal,
hem özünden gaçmaly däl,
gaçmaly däl hakykatdan,
üstüne gitmeli onuň,
eger özi dar bolsa,
çukur bolsa öňden galan,
telper bolsa ýa-da juda,
ýagyş ýagsa dolup-daşýan,
bir sözi az görüp, belki,
iki söze çydamasa,
düşünmese aňrysyna özünden,
gowy bolsun, bolsun erbet,
adam özünden çykmaly,
başgalary saljak bolman özüne,
iňirdemän, igenmän ýa
özüne ýa birlerine,
adam özünden çykmaly,
gury gelip, gury geçmän,
ýaşamajak bolsa çyg çeken hemem
otlanmajak otluçöp dek,
geçmez ýaly ýanman öçmän.