Surat

Bolýan iş

Tejeniň kgb-si tarapyndan 46 ýyl işlän mekdebinden kowlan Bäşim Annagurbanyň geljekki 'halk duşmany' bilen düşen suratynyň öňündäki içgepletme

Men ejemiň tabydyny
götermedim egnimde,
hem ýetmedi bir pil gumum
mazaryna enemiň,
gitdi altmyş sekizinde,
ýüregini tutdy-da,
bagyrdym uzakdan,
ýat ilde ýeke,
belki, begenendir
kgb-teke!

Men kakamyň tabydyny
götermedim egnimde,
hem ýetmedi bir pil gumum
mazaryna atamyň,
gitdi ýetmiş sekizinde,
çekip bilmän artyk, meger,
bagyrdym uzakdan,
ýat ilde, ýeke,
belki, begenendir
kgb-teke!

Kgb-ýaradan,
kgb-hudaý,
eli ganly aňyrdan,
hemem ruhy gedaý,
emmaki diýeni bolýan,
halaly ezmeli bolsa,
hem haramdan ýeňilýän,
ozal meniň atamy,
Annagurban taýaklyny,
duşman bildi, dost bilmän,
a soň aklap, azatlyga goýberdi,
ýöne meni aklap bilmedi, meger,
agyr bolansoň derdi.

Men enemiň tabydyny
götermedim egnimde,
men atamyň tabydyny
götermedim egnimde,
bir pil gumum ýetmedi
mazaryna olaryň,
ýogsa içip, çekip,
ýa para alyp,
hapa çümen ogul däldim, jan alla,
inçejik umydym bardy,
haka, hakykata, walla,
hem görýändir diýerdim
ýokarlardan bolýan işi,
aňjak bolýan indi-indi,
ýaşanymy özüm aldap...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024