Öýkelemek şerti

Seni el-aýagyň baglap,
deňze zyňýan wagty döwlet,
daşyň dakyp agramlyk,
gelmedikden öýkeleme,
gaty görme çözmedikden eliňi,
ýa çalajan bolup çyksaň kenara,
turup bilmän ýatsaň üşüdip, gagşap,
üstüňden gelende gülüp,
ot ýakmadyk obadaşdan,
ýa tanyşdan öýkeleme,
gaty görme hatda uzatsa dilin,
agyrdandan öýkeleme,
dogan bolup, dost bolup,
düşünjek bol adama,
balyk däl ol sebäbi,
suwa bökmek islemez,
zyňdylar diýip seni,
ýa üşäňde üşemez ol seň bilen,
aç galaňda bile ajykmaz adam,
ýa ýadaňda oturmaz ol ýanyňda,
seniň bilen bile ýadap,
emma welin öýkele sen,
bitin bolsa çöregiň,
öldürilmän galsaň hemem
tama edenden artyk,
gaça durup kyn günde,
öýkele hem çekil biraz,
bermejek bol ýele ömrüň,
başy ölümli bende.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024