Türme hakykaty

Türmede dogulan türmede galar,
öler, belki, çykjak bolman türmeden,
sebäbi ol azatlygy görmedi,
beýnisi bekedi gözenek bilen,
tikenli sim, taýak, açlyk, mätäçlik,
gözüniň öňünde ölen-ýitenler
etjegini etdi, meger,
kemsidilen, haksyz boýdan-başyna,
her gün awy, zäher garyp aşyna
berseler-de iýýän ýylgyryp, gülüp,
sapak aldy görülmedik durmuşdan,
ýaşamagy günde ýaşaman, ölüp.

Türmede dogulan türmede galar,
öler, belki, çykjak bolman o ýerden,
has beteri - el çarpmagy öwrener,
aýdym aýdar türmebaşa bagyşlap,
tans eder enesi, atasy bilen,
sakgal, telpek öňki ardan, namysdan,
mertebeden nyşan däl,
bolubilse gulçulygyň guraly,
türmede dogulan türmäni gorar,
a çykjak bolana diýer zyr däli.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019