Düşünişmezlik
Oňa döwletden daýaw
(şeýle diýip bolýan bolsa
öz-özüni ýok edýäne)
öýkeli diýdiler örän,
bagyşlap bilmejek baky,
hem diýdiler öýkesi
zäher bolup özüne,
ýuwaş-ýuwaşdan ýykar,
dyzdan alyp güýjüni,
ahyrynda arman bilen
öler alman öjüni...
Dogry, başda öýkelidi,
gaty görüpdi, çünki
döwlet diýlen töhmetiň
tagany bolanda otly,
ýöne hudaý ýa aljyran
döwletbaşy gorady,
türmesiniň agzy açylyp batly,
biraz soň ýapyljak uzak,
hem indi düşünýär kimler
hak diýene garşy bolup,
özüne gurupdyr duzak.
Dogry, ýat illerde aglady oglan,
emma çagalary är çykdy bir gün,
bagyrdy yzyndan her gelen ajy,
dagdan agyr habarlara çydaman,
ajy habar edýär sürgüni sürgün!
Soň eşitdi yzda gaýdanlar yrza,
garaşan-da bolsalar kän,
gözlerini ýumupdyrlar düşünip,
emma düşünmedi dikdüşdi döwlet,
öýkeli diýdi oňa,
diýdi gahar edip öler,
alyp bilmän öjüni,
ahmyr iýip güýjüni,
ýatlatsalar gülýär oglan, sebäbi
bilmän kömek eden, belki,
boljak işi has öňünden duýduran,
bar bolup biljegin görkezen başdan
döwletden-de edenli,
ýa döwleti jübä salan gedemden
öýkeli däl, öçli däl ol, tersine
gynanýar düşünmän öçli diýýäne,
ýöne şükür edýär gördi, düşündi,
ýoly başga, golaý däl hiç,
türme gurup, öz-özüni iýýäne.